Türkmen wekiliýeti Bakuwyň gämi gurluşyk zawodyna baryp gördi

BT
Türkmen wekiliýeti Bakuwyň gämi gurluşyk zawodyna baryp gördi
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzasy bilen Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynyň ýolbaşçylygynyň wekili duşuşykda, 2026-njy ýylyň 8-nji sentýabry. (Surat: "Baku Shipyard"/"Facebook")

Türkmenistanyň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hem-de Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň wekilleri 8-nji sentýabrda Bakuwyň gämi gurluşyk zawodyna (“Baku Shipyard”) baryp gördiler. Bu barada “Baku Shipyard” kärhanasynyň sosial sahypasynda habar berilýär.

Saparyň dowamynda wekiliýetiň agzalary zawodyň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar. Duşuşykda kärhanalaryň alyp barýan işleri, gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş mümkinçilikleri, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Soňra wekiliýetiň agzalary Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynyň önümçilik meýdançasy, infrastruktura we tehniki mümkinçilikleri, şeýle hem alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň kärhanalarynyň gämi gurluşygy we gämileri abatlamak boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022