TDHÇMB-nyň söwdalarynda 66,5 million manatlyk geleşik baglaşyldy

BT
TDHÇMB-nyň söwdalarynda 66,5 million manatlyk geleşik baglaşyldy
Pagta süýümi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni geçiren söwdalarynda jemi 66 million 528 müň manada we 390 müň ABŞ dollaryna deň bolan geleşik baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Ýerli telekeçiler eksport etmek şerti bilen “Türkmenpagta” döwlet konserninden 2025-nji ýylyň hasylynyň 4/5 kysymly 2-nji we 4-nji sort pagta süýümini satyn aldylar.

Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Hazar logistika” hojalyk jemgyýetinden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn aldylar.

Anna güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 3 geleşik hasaba alyndy.

2022