TDHÇMB-nyň şenbe günündäki söwdalarynda 100,3 million manatlyk geleşik baglaşyldy

BT
TDHÇMB-nyň şenbe günündäki söwdalarynda 100,3 million manatlyk geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 15 ýyllygy mynasybetli guralan sergi, 2023-nji ýylyň 17-23-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) şenbe güni geçiren söwdalarynda jemi 100 million 251 müň manada deň bolan geleşik baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Ýerli telekeçiler eksport etmek şerti bilen “Türkmenpagta” döwlet konserninden 2025-nji ýylyň hasylynyň 4/5 kysymly 1-nji, 2-nji, 3-nji we 4-nji sort pagta süýümini satyn aldylar.

Mundan başga-da, ýerli telekeçilere jemi bahasy 43 million 257 müň 748 manada deň bolan aýna çüýşeleri we aýna bankalary satyldy.

Şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 3 geleşik hasaba alyndy.

2022
ENG TM РУС