Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Serdar Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy, 2025-nji ýylyň 16-nji noýabry, Daşkent, Özbegistan (Surat: Özbegistan Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Özbegistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle hem ol iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşýan işleriň ähmiýetini belledi.

Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Özbegistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini hem-de ýakyn goňşy we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara goldaw esasynda işjeň ösýändigini belläp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini, şeýle hem halkara başlangyçlary we teklipleri özara goldaýandyklaryny bellediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС