Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” işleýän raýatlar, ýaş çagaly zenan telekeçiler, pensionerler we uzakda ýerleşýän etraplaryň ýaşaýjylary üçin “Telekeçilik işine giriş” ugry boýunça onlaýn okuwlary ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasy habar berýär.
Onlaýn okuwlar 2 we 3 günlük sapaklar görnüşinde geçirilip, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda başlanar. Maksatnamany üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara okuw şahadatnamasy berler. Şeýle hem onlaýn okuwa gatnaşmaga isleg bildirýänler okuw merkezine barmak arkaly ýa-da onlaýn görnüşde ýazylyp bilerler.
“Telekeçiler mekdebi” şeýle hem buhgalterçilik hasaba alşyň we maliýe hasabatlylygynyň esaslary, 1С maksatnamasynda buhgalterçilik hasaby, işgärler, iş dolandyryş we arhiw işi, 1С maksatnamasynda işgärleri dolandyrmak, telekeçilikde gümrük işiniň esaslary, gid-terjimeçi, kompýuter sowatlylygynyň I, II we III derejeleri, topograf, şeýle hem sanly marketing we sanly mahabat ugurlary boýunça okuwlary guraýar.
“Telekeçiler mekdebi” jemgyýetçilik birleşmesiniň kärhanasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan 2009-njy ýylda döredildi. Kärhana Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän şahamçalarynyň üsti bilen telekeçilik ulgamynda öz işini ýola goýmak isleýän raýatlara ilkinji ädimlerini ynamly başlamaga ýardam etmäge gönükdirilendir.



33271-495x4352.jpeg)





33271-90x604.jpeg)







