Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ilatynyň Garaşsyzlyk gününi dabaraly bellemegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen üç gün dynç güni yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de 27-nji sentýabrdaky dynç gününi 29-njy sentýabra — sişenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekdi.
Şeýlelikde, 27-nji, 28-nji we 29-njy sentýabr günleri dynç güni bolar. Resminama laýyklykda, Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çekdi.







33271-495x4352.jpeg)









