Hyratda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

BT
Hyratda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
"64 metr" şaýolundaky "Zaitoon" iri söwda merkeziniň ekranynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan fotosuratlaryň we wideoýazgylaryň görkezilýän pursady (Surat: Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygy)

Hyrat şäherinde 26–27-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygy tarapyndan guraldy. 

Çäräniň çäklerinde sagat 17:00-dan 21:00-a çenli Hyrat şäheriniň "Welaýat" şaýolundaky "Sinema" aýlawynyň ýanynda ýerleşýän uly ekranda, şeýle hem "64 metr" şaýolundaky "Zaitoon" iri söwda merkeziniň daşky we içki ekranlarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan fotosuratlar we wideoýazgylar görkezildi. Bu barada Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygy habar berdi.

Iňlis we pars dillerinde taýýarlanan şekiller Hyradyň köp gelim-gidimli söwda merkeziniň daşky we içki binalaryny türkmen gölleri hem-de bäş ýyldyzly ýarym Aý şekili bilen bezäp, şäher ilatynyň we söwda merkezine gelýänleriň ünsüni çekdi.

Şeýle hem Owganystanyň Hyrat we Badhyz welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly ýaşulylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022