Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) 1-nji oktýabrda Aşgabatdaky "Ýyldyz" myhmanhanasynda öz işine başlady. Iki gün dowam etjek forum 40-dan gowrak ýurtdan 200-den gowrak iri daşary ýurt kompaniýasynyň, halkara maliýe institutlarynyň we döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.
Foruma “Mitsubishi Corporation”, “Mitsubishi Heavy Industries”, “ITOCHU”, “Sumitomo Corporation”, “Kawasaki Heavy Industries”, “Samsung C&T”, “Daewoo Engineering”, “John Deere”, “CLAAS”, “Siemens Energy”, “TotalEnergies”, “Dragon Oil”, “ADNOC”,“Toyota Central Asia”, “Moody’s”, “Bitdeer” ýaly iri halkara kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýar.
Iki günlük forumyň dowamynda energetika we nebithimiýa, gurluşyk, ulag we logistika, oba hojalygy, Hazar sebiti, sanly ykdysadyýet we emeli aň, syýahatçylyk, şäher infrastrukturasyny ösdürmek hem-de suw serişdeleri ýaly ugurlar boýunça maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Forumyň işine Bütindünýä bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň (IFC), Aziýa ösüş bankynyň (ADB), Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (EBRD), Yslam ösüş bankynyň we Hytaýyň Eksport-import bankynyň wekilleri hem gatnaşýar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda häzirki zaman ýokary tehnologiýalaryny we innowasiýalary Türkmenistanyň ähli pudaklarynda ornaşdyrmaga, şeýle hem bu ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberini yzygiderli artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň öňdebaryjy ýurtlaryň has kämil tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak bilen birlikde, oňyn ykdysady-maliýe gurallaryna hem-de öz ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitleýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, forum daşary ýurtly maýadarlaryň, işewürleriň, halkara maliýe-bank düzümleriniň, döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer. Çäräniň dowamynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durnukly ösüş, döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, bäsleşige ukyply täze önümçilikleriň işe girizilmegi we sanly maliýe tehnologiýalary bilen bagly meseleler boýunça tejribe alyşmak göz öňünde tutulýar.
TIF 2026 Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi tarapyndan “Türkmen Kongres” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär.















