TDHÇMB-nyň anna günündäki söwdalarynda 630 million manatlyk ýangyç mazudy satyldy

BT
TDHÇMB-nyň anna günündäki söwdalarynda 630 million manatlyk ýangyç mazudy satyldy
Nebit önümlerini daşamak üçin demir ýol wagonlary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni geçiren söwdalarynda jemi 630 million manada deň bolan geleşik baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Ýerli telekeçiler eksport etmek şerti bilen “Türkmennebit” döwlet konserninden ýangyç mazudyny satyn aldylar.

Anna güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 4 geleşik hasaba alyndy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

2022