Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda 222 birža söwdasy geçirilip, olarda 23 müň 460 şertnama hasaba alyndy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren hasabatynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ýanwar–sentýabr aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 113,2 göterime barabar boldy.
Şeýle hem Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,4 göterim ösüş depgini üpjün edilip, nah ýüplügiň önümçiligi 102,3 göterime, nah matalaryňky 100,9 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 102,6 göterime, gön önümleriniňki bolsa 100,5 göterime deň boldy.
Mundan başga-da, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini 107,6 göterime ýetdi. Şeýle hem hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,3 göterime barabar bolup, 18 sergi we 10 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 110,4 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini bolsa 109,2 göterime deň boldy.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň söwda toplumynyň önümçilik kärhanalaryny netijeli peýdalanmagyň, bazarlaryň hem-de söwda nokatlarynyň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem ol Wise-premýere dokma kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

















