Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäherindäki Kämillik, B.Annanow, N.Andalyp köçeleriniň we Garaşsyzlyk şaýolunyň durkuny täzelemek, abatlamak we abadanlaşdyrmak boýunça tender yglan edýär. Bu barada “Neýtrlanyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Resminama laýyklykda tenderiň buýrujysy Aşgabat şäher häkimligi bolup, işler üç lota bölünendir. Birinji lot boýunça Arçabil şaýoly bilen N.Andalyp köçesiniň aralygyndaky B.Annanow köçesini, şeýle-de Köpetdag şaýoly bilen S.Türkmenbaşy şaýolunyň aralygyndaky N.Andalyp köçesini abatlamak we abadanlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Ikinji lot Kämillik köçesiniň durkuny täzelemek işlerini öz içine alyp, üçünji lot boýunça bolsa Garaşsyzlyk şaýoluny, şol sanda suw çüwdirimlerini abatlamak we abadanlaşdyrmak boýunça işler geçiriler.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň teklipleri we arzalary Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde 2026-njy ýylyň 16-njy noýabryna çenli kabul edilýär.
















