Matwiýenko zenanlaryň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ornuny belledi

BT
Matwiýenko zenanlaryň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ornuny belledi
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly Halkara forumyň plenar mejlisinde çykyş edýän pursady (Surat: Federasiýa Geňeşiniň metbugat gullugy)

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Aşgabatda geçirilen “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly Halkara forumyň plenar mejlisinde çykyş edip, zenanlaryň parahatçylygy üpjün etmekde we durnukly ösüşi gazanmakda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Bu barada Federasiýa Geňeşiniň metbugat gullugy habar berýär.

Matwiýenkonyň bellemegine görä, zenanlar häzirki zaman ählumumy gün tertibine dialoga ymtylyş, derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de ylalaşyk ýollaryny gözlemek ýaly çemeleşmeleri getirip bilerler. Ol dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmeleriň şertlerinde şeýle garaýyşlaryň aýratyn möhümdigini belledi. Onuň bellemegine görä, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde toplanan tejribäni, netijeli usullary we gazanylan üstünlikleri paýlaşmak möhüm ähmiýete eýedir.

Federasiýa Geňeşiniň Başlygy jemgyýetiň durmuşynda zenanlaryň orny barada aýdyp, Russiýada zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmak üçin görülýän çäreler barada gürrüň berdi. “Gazanylan üstünliklere garamazdan, biz durmaly däldiris. Zenanlaryň iş durmuşyny, maşgalany we çaga edinmegi utgaşdyryp bilmegi, özleriniň çäksiz mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirip bilmegi üçin mundan beýläk-de ilerlemelidiris” diýip, Matwiýenko belläp geçdi.

Matwiýenko forumyň hut Türkmenistanda geçirilmeginiň hem aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belläp, ýurtda zenanlaryň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi we döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryna gatnaşmagy üçin aýratyn şertler döredilendir. Ol Türkmenistanyň raýatlaryny ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlady we gatnaşyjy zenanlary 2027-nji ýylyň güýzünde Sankt-Peterburgda geçiriljek bäşinji Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gülmanowa forumyň moderatory hökmünde çykyş edip, Türkmenistanyň halkara zenanlar dialogyna pikir alyşmak, halkara başlangyçlaryny ilerletmek we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin anyk hem-de peýdaly teklipleri taýýarlamaga mümkinçilik berýän meýdança hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Plenar mejlisde Özbegistanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Belarusyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň wekilleri, Türkmenistanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy hem-de Täjigistanyň Işewür Zenanlaryň Milli Assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy çykyş etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022