Ahal welaýatynda pomidor ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana toplumy işe girizildi

BT
Ahal welaýatynda pomidor ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhana toplumy işe girizildi
Türkmenistandaky ýyladyşhana toplumlarynyň birinde pomidor ösdürilip ýetişdirilişi, 2021-nji ýylyň 12-nji oktýabry (Surat: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi)

Türkmenistanda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Watan daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän “Haýyrly senagat” hususy kärhanasynda pomidor ösdürip ýetişdirýän täze ýyladyşhana toplumy ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Kärhanada ýyladyşhana toplumy 22 gektar meýdany eýeläp, mundan başga-da miweli baglary ýetişdirmek üçin 3 gektar ýer bölegi bölünip berildi.

Toplum dünýäniň öňdebaryjy enjam öndürijileriniň tehnikalary bilen doly enjamlaşdyrylyp, awtomatlaşdyrylan kompýuter dolandyryş ulgamy ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin zerur bolan temperatura düzgünine, çyglylyk derejesine we beýleki görkezijilere gözegçilik etmäge giň mümkinçilik berýär. Toplumda öndürilýän önümler içerki bazara we eksporta niýetlenendir.

Täze toplumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ahal welaýatynyň we Kaka etrabynyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

“Haýyrly Senagat” kärhanasynyň resmi web sahypasynda berilýän maglumatlara görä, kärhana 2020-nji ýylda esaslandyrylyp, oba hojalyk önümçiligi, şol sanda ýyladyşhanalarda pomidor ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Kärhananyň esasy iş ugurlarynyň hataryna dokma senagaty we halkara bölek satuw söwdasy hem degişldir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022