Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşyp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini, şeýle hem bilelikdäki energetika, senagat, oba hojalygy, ulag we beýleki ugurlarda geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentine mähirli kabul edendigi we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw gatnaşyklaryna esaslanýan gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda oňyn ösüş depginini nygtap, aýratyn-da medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga üns berildi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda öňümizde geçiriljek bilelikdäki çäreleriň senenamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.















