Türkmenistanyň Prezidenti Nikol Paşinýan bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Nikol Paşinýan bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabry, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenistan. (Surat: Ermenistanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşdy. Bu barada Ermenistanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ikiçäk duşuşygyň dowamynda Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň saparyny mübärekledi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Nikol Paşinýan mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Ermenistanyň hökümetiniň syýasy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022