TDHÇMB: penşenbe günki söwdalarda $138 millionlyk tehniki kükürt satyldy

BT
TDHÇMB: penşenbe günki söwdalarda $138 millionlyk tehniki kükürt satyldy
Tehniki kükürt ammary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçiren söwdalarynda Singapurdan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen telekeçiler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdini satyn almak boýunça umumy bahasy 138 million ABŞ dollaryna deň bolan geleşikleri baglaşdylar. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Mundan başga-da, Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri 461 müň 214 ABŞ dollaryna deň bolan pagta ýüplügini satyn aldylar.

Içerki bazar üçin bolsa türkmen telekeçileri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden 9 million 758 müň manatlyk nah matalary satyn aldylar.

TDHÇMB-nyň penşenbe güni geçirilen söwdalarynda jemi alty sany geleşik baglaşyldy.

2022