Türkmen telekeçileri "Beauty Istanbul 2027" sergisine çagyrylýar

BT
Türkmen telekeçileri "Beauty Istanbul 2027" sergisine çagyrylýar
"Beauty Istanbul" sergisiniň girelgesine barýan myhmanlar, 2026-njy ýylyň maý aýy (Surat: beauty-istanbul.com)

Türkmen telekeçileri 2027-nji ýylyň 3–5-nji iýunynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek 8-nji halkara "Beauty Istanbul" gözellik sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Söwda boýunça geňeşligi habar berýär.

"Beauty Istanbul" halkara sergisi kosmetika, gözellik, saç bejergisi, arassaçylyk, hususy haryt nyşanlary, gaplama we çig mal boýunça ýöriteleşdirilen sergidir.

Türkiýäniň Stambul şäherindäki TÜYAP merkezinde geçiriljek sergi kosmetika we gözellik pudagynda işleýän kompaniýalary, öndürijileri, üpjün edijileri hem-de halkara söwda wekillerini bir ýere jemlär. Şeýle hem sergi türkmen telekeçilerine halkara bazaryndaky täze önümler bilen tanyşmaga, işewür gatnaşyklary ýola goýmaga we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmäge şert döreder.

Habarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylda geçirilen 7-nji "Beauty Istanbul" sergisine dünýäniň 167 ýurdundan 26 müňden gowrak adam gatnaşyp, olaryň 13 müňden gowragy daşary ýurtlardan geldi. Sergide 61 ýurduň kompaniýalary öz diwarlyklary bilen çykyş edip, gatnaşyjylaryň arasynda 25 ýurduň milli diwarlyklary hem boldy.

Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, 2027-nji ýylda geçiriljek sergide 65 ýurtdan 1 müň 400-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar takmynan 167 ýurtdan geljek söwda alyjylary bilen duşuşarlar. Bu bolsa serginiň halkara derejesindäki ähmiýetini we kosmetika pudagyndaky işewür hyzmatdaşlyk üçin döredýän mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga ýardam berer.

Şeýle hem sergi barada goşmaça maglumatlary beauty-istanbul.com web sahypasyndan alyp bolýar.

2022
ENG TM РУС