Türkmen telekeçileri Şanhaýda geçiriljek işewürlik forumyna çagyrylýar

BT
Türkmen telekeçileri Şanhaýda geçiriljek işewürlik forumyna çagyrylýar
Hytaýyň Şanhaý şäherinde Huangpu derýasynyň gündogar kenaryndaky Pudun etrabynyň görnüşi. (Surat: Pixabay)

Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylyň 6–7-nji noýabrynda Şanhaý şäherinde 9-njy Hytaý Halkara import sergisiniň (CIIE) çäklerinde geçiriljek türkmen-hytaý işewürlik forumyna gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada “TMT Consulting Group” habar berýär.

Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “TMT Consulting Group” -yň goldawy bilen guralýar. Çäräniň maksatnamasyna laýyklykda tematik mejlisler, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň tanyşdyrylyşy, döwlet edaralarynyň we işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda gepleşikler, şeýle hem Hytaý kompaniýalarynyň ofislerine we önümçilik meýdançalaryna baryp görmek göz öňünde tutulýar.

Bu iri halkara foruma Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşyp bilerler. Çäräniň dowamynda ikitaraplaýyn söwda we daşary ykdysady iş, senagat we senagat kooperasiýasy, oba hojalygy we önümleri gaýtadan işlemek, döwrebap tehnologiýalar we sanlylaşdyrmak, ulag we logistika, üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berler.

Mundan başga-da forumyň çäklerinde G2G we B2G hem-de kompaniýalaryň arasynda B2B görnüşli duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Foruma gatnaşmak üçin öňünden hasaba alynmak zerurdyr. Goşmaça maglumatlary +993 12 75 36 44, +993 12 75 36 48 we +993 64 04 27 51 telefon belgileri ýa-da ogulbagt.hydyrova@tmt.tm elektron poçta salgysy arkaly alyp bolýar.

2022