Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini maslahatlaşdylar

BT
Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini maslahatlaşdylar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň "C5+1" formatyndaky duşuşygy, 2026-njy ýylyň 19-njy oktýabry, Samarkant, Özbegistan. (Surat: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi)

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 19-njy oktýabrda Samarkant şäherinde "C5+1" formatynda duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýumlaryny çekmek, ulag geçelgelerini ösdürmek we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda garalan ykdysady meseleleriň çäklerinde özara söwdany giňeltmek, kompaniýalaryň işjeňligini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretmek we maýa goýumlaryny çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ulag-logistika arabaglanyşygyny, şol sanda Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmäge, sebit ykdysady integrasiýasyny çuňlaşdyrmaga we senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Energetika ulgamynda tebigy baýlyklary çykarmak we gaýtadan işlemek, goşulan gymmaty döretmegiň önümçilik zynjyrlaryny ösdürmek hem-de taýýar önümleri halkara bazarlaryna eksport etmegiň mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebit ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda tejribe we öňdebaryjy tehnologiýalar alyş-çalşygynyň ähmiýetini hem bellediler.

Duşuşygyň esasy ugurlarynyň biri hem sanly ykdysadyýeti ösdürmek we emeli aňy ornaşdyrmak meseleleri boldy. Gün tertibine sanly infrastruktura maýa goýumlaryny çekmek, maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk boýunça taslamalary durmuşa geçirmek, önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmak hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meseleleri girizildi. Gatnaşyjylar emeli aňyň ykdysady ösüşi höweslendirmekde we döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.

Duşuşygyň syýasy böleginde döwletleriň özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, özara ynanyşmak hem-de umumy bähbitleri nazara almak ýörelgeleri esasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine garaldy. Gatnaşyjylar hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşine gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlaryň ähmiýetini nygtadylar.

Ynsanperwer ulgamda bilim we medeniýet alyş-çalyşlaryny giňeltmek, syýahatçylygy ösdürmek hem-de taryhy-medeni mirasy gorap saklamak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Resminamada syýasy dialogyň we amaly hyzmatdaşlygyň meýdançasy hökmünde "C5+1" formatyny mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanma tassyklanyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022