Ýanwar–sentýabr: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $129,3 milliona ýetdi

BT
Ýanwar–sentýabr: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $129,3 milliona ýetdi
Konteýner terminaly (Surat: AA)

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda 129 million 310,40 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetiniň maglumatlarynda habar berilýär.

Hasabat döwründe Azerbaýjandan Türkmenistana eksportyň möçberi 64 million 148,41 müň ABŞ dollaryna, Türkmenistandan Azerbaýjana importyň möçberi bolsa 65 million 161,99 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Azerbaýjanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda 37 milliard 211 million ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,2 göterim ýokarlandy.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyň dowamynda 208,39 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022