Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2026-njy ýylyň ýanwar- awgust aýlarynda 16 milliard 275 million 645 müň manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.
Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 13 milliard 8 million 641 müň 787 manada ýetdi.
Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 2 milliard 526 million 93 müň 419 manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 71 million 137 müň 526 manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.
Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 451 million 896 müň 529 manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 6 million 768 müň 195 manatdan geçdi.
Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 211 million 107 müň 677 manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.















