Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) başlygy Batyr Wolsahatowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 22–23-nji oktýabrda Wena şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda TDHÇMB bilen Wena oba hojalyk önümleri biržasynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we birža söwdasyny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy habar berýär.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekiliýeti Wena oba hojalyk önümleri biržasynyň prezidenti Ernst Gaus we biržanyň sekretary Karl Şnaýder, şeýle hem Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň (WKÖ) sebit dolandyryşynyň ýolbaşçysy, Günorta-Gündogar Ýewropa we Gündogar Ýewropa/Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Dražen Maloçeý bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklarda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, harytlaryň birža söwdasyny ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň söwdasyny giňeltmek hem-de Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek meselelerine garadylar.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyklar özara pikir alyşmak, şeýle hem edaralaryň we işewür toparlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ýakynlaşdyrmagyň ýollaryny kesgitlemek üçin mümkinçilik döretdi.

















