Türkmenistanyň 106 ýaşly ýaşaýjysy Hajat Jumakowa uzak we sagdyn ýaşamagyň syry barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä hemişe hereketde bolmak we arassa howada zähmet çekmek saglyk we uzak ömür üçin juda ähmiýetlidir. Bu barada “MIR 24” teleýaýlymy habar berýär.
Hajat enäniň häzirki wagtda 12 çagasy, 78 agtygy, 125 çowlugy we 55 ýuwlugy bolup, ol ýanýoldaşy aradan çykandan soň çagalaryny ýeke özi ulaldypdyr. Ömrüniň köp bölegini oba hojalygynda zähmet çekmek bilen geçiren Hajat ene pagta meýdanlarynda, maldarçylykda we ekerançylykda işläp, hat-da pensiýa çykandan soň hem zähmet çekmegini dowam etdiripdir.

Hajat enäniň ogly Döwlet Jumakowyň aýtmagyna görä, ejesi çagalaryna kiçilikden zähmetsöýerligi, tertip-düzgüni we ululara hormat goýmagy öwredipdir. Bu terbiýe maşgala däbine öwrülip, häzir hem maşgala bolup saçak başyna ýygnanyşanlarynda, ýaşlar nahara ilki uly ýaşly agzanyň başlamagyna garaşýarlar.
Ýaşynyň bir asyrdan geçendigine garamazdan, Hajat ene häzir hem gündelik durmuş endiklerini üýtgetmändir. Her gün agşam ýurtda we dünýäde bolup geçýän täzelikler bilen tanyşmak, habarlar gepleşigine tomaşa etmek hem onuň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir.
















