Howanyň üýtgemegi boýunça COP31 maslahatynda Türkmenistanyň milli pawilýony görkeziler

BT
Howanyň üýtgemegi boýunça COP31 maslahatynda Türkmenistanyň milli pawilýony görkeziler
BMG-niň howa konferensiýasynyň geçiriljek Antalya EXPO merkeziniň girelgesinde ýerleşdirilen COP31 nyşanly sergi gurnamasy (Surat: Aksu etrap häkimligi)

Türkiýäniň Antalýa şäherinde 2026-njy ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde guraljak sergide (COP31) Türkmenistanyň milli pawilýony görkeziler. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew COP31 maslahatyna we çäräniň çäklerinde guraljak sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Milli pawilýonda Türkmenistanda daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işler görkezilip, ýurduň tebigaty goramak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy beýan ediler. Şunuň bilen baglylykda, Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýändigini we bu ugurda geçirilýän iri çärelere işjeň gatnaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany Türkiýe Respublikasynda geçiriljek ekologiýany goramaga bagyşlanan halkara sergä ýurduň milli pawilýony bilen ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022