CIET 2026 maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerine aýlandylar

BT
CIET 2026 maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerine aýlandylar
"Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi — CIET 2026" atly halkara maslahaty we sergisine gatnaşyjylar “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň muzeýinde, 2026-njy ýylyň 2-nji noýabry. (Surat: TEF)

"Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi — CIET 2026" atly halkara maslahaty we sergisine gatnaşýan wekiller Aşgabatdaky gadymy Nusaý galalaryna, "Magtymguly Pyragy" medeni-seýilgäh toplumyna we "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyna baryp gördüler. Bu barada forumyň bilelikdäki guramaçasy “Turkmen energy forum” habar berýär.

Bu guralan saparlar myhmanlara Türkmenistanyň baý taryhy we medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik berdi. Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gadymy Nusaýda gatnaşyjylar Parfiýa döwletiniň taryhy bilen baglanyşykly galalaryň galyndylary bilen tanyşdylar.

Mundan başga-da, wekiller Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän "Magtymguly Pyragy" medeni-seýilgäh toplumyna aýlanyp, beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylda açylan toplumda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi bilen birlikde dünýäniň meşhur ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň heýkelleri synladylar.

Saparyň dowamynda myhmanlar Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan milli gahrymanlaryň we 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen ýer titremesinde aradan çykan adamlaryň hatyrasyna gurlan "Halk hakydasy" ýadygärlikler toplumyna hem baryp gördüler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022