Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni ýurda sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Serdar Berdimuhamedow goňşy döwletler bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň oktýabr aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine we Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça sammite gatnaşandygyny belledi. Öz gezeginde, Seýed Abbas Arakçi Awazada geçirilen giň gerimli çäreleriň ähmiýetine ýokary baha berip, olaryň netijeleriniň sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşandygyny nygtady.
Döwlet Baştutany Eýranyň Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini we bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini hem belledi. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň halklarynyň taryhy, medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Seýed Abbas Arakçi bilen gepleşikleri geçirdi. Taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit we halkara düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň meselelerine garalyp, daşary syýasat edaralarynyň arasynda işjeň dialogy dowam etdirmegiň we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi.

















