Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşyp, türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Duşuşygyň başynda Kapur ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýändigini belläp, Prezident Donald Trampyň Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda syýasy dialogyň işjeňleşendigini, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabrynda Waşingtonda "C5+1" sammitine gatnaşmagynyň we şu ýylyň fewralynda ABŞ-nyň Florida ştatyna amala aşyran saparynyň munuň aýdyň mysallarydygyny belledi.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar. Bu ugurda "John Deere", "Boeing", "Nicklaus Design" we "Case New Holland" ýaly amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda energetika we ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerine üns çekildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika, ulag-logistika ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegini mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

















