Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň Buhara welaýatynyň Alat etrabynda, Türkmenistan bilen serhedinde täze köpriniň we ýol infrastrukturasynyň gurluşygy üçin öz ätiýaçlyk gaznasyndan 25 milliard som bölüp bermegi tabşyrdy. Bu barada “Özbegistan 24” teleýaýlymynyň taýýarlan reportažynda habar berilýär.
Şawkat Mirziýoýew 4-nji noýabrda sebite iş saparynyň çäklerinde Buhara welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüş meselelerine bagyşlanan maslahatda gurluşyk boýunça degişli tabşyrygy berdi. Alat etrabynyň häkimi Nargiza Neýmatowa täze köpri gurmagyň zerurlygy barada aýdyp, häzirki köpriniň barha artýan ulag we ýolagçy gatnawyny üpjün etmek üçin ýeterlik däldigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu ugurdaky ulag gatnawynyň we ýolagçy sanynyň möçberi soňky döwürde üç esse artdy.
Şol gün Özbegistanyň ulag ministri I.Mahkamow, Gümrük komitetiniň başlygy A.Mawlonow, Awtomobil ýollary komitetiniň başlygy Ž.Tursunow hem-de “Uzssuwta’minot” paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryş geňeşiniň başlygy A.Suwonkulow serhetýaka “Alat” gümrük nokadyna baryp gördüler. Özbegistanyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, saparyň dowamynda wekiliýet gözegçilik-geçiriş nokadynyň işi bilen tanyşdy hem-de onuň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, logistika infrastrukturasyny kämilleşdirmek we ýük daşamak bilen bagly amallary ýönekeýleşdirmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ulag ministrliginiň maglumatynda, Özbegistanyň we Türkmenistanyň bitarap zolaklaryny birleşdirýän Ýamonjar kanalyndaky häzirki köpriniň 1978-nji ýylda gurlandygy we onuň durkunyň täzelenmeginiň zerurlygy barada bellenilýär.
Ministrligiň teklibine laýyklykda, täze köprüde her ugur boýunça ýük awtoulaglary üçin azyndan iki hereket zolagynyň göz öňünde tutulmagy ulag gatnawlaryny çaltlandyrmaga, serhetýaka zolakda awtoulaglaryň dyknyşyklaryny azaltmaga, şeýle hem ýeňil awtoulaglaryň we pyýadalaryň hereketi üçin şertleri gowulandyrmaga mümkinçilik berer..
Ministrligiň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji 10 aýynda “Alat” gümrük nokadyndan 243 müňden gowrak awtoulag geçip, bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse köpdür. Häzirki wagtda gözegçilik-geçiriş nokadyndan iki ugur boýunça her gün 1200-e çenli awtoulag geçýär.
















