Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary serhet geçelgeleriniň geçirijiligini artdyrmagy maslahatlaşdy

BT
Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary serhet geçelgeleriniň geçirijiligini artdyrmagy maslahatlaşdy
Ýük awtoulaglary “Farap awtoýollary” gümrük nokadyndan geçýär. (Surat: Merdan Orazow / “Altyn asyr” elektron gazeti)

Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklary iki ýurduň arasynda halkara awtomobil gatnawlaryny mundan beýläk-de çaltlandyrmak hem-de “Farap” we “Alat” serhet geçelgeleriniň geçirijilik mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komiteti anna güni habar berdi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga Özbegistanyň Gümrük komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Gaýrat Nasirowyň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Döwlet Baýryýewiň ýolbaşçylygyndaky iki ýurduň wekiliýetleri gatnaşdy.

Özbegistanyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda “Alat” (Özbegistan) we “Farap” (Türkmenistan) geçelgelerinden her gün ortaça 530 sany ýük awtoulagy geçip, 2025-nji ýylda bu görkeziji 700-e ýetdi. 2026-njy ýylyň ilkinji on aýynda bolsa ýük awtoulaglarynyň sany ýene-de 11 göterim artyp, 780-e deň boldy. Ortaça ulag akymy 27-nji oktýabrdan 2-nji noýabr aralygynda gündelik 1000 ýük awtoulagyna deň bolup, bu görkeziji 17-nji oktýabrda bolsa 1200-e golaýlady.

Duşuşykda halkara ulag ugurlarynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Özbegistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýük daşamalarynyň artýandygy hasaba alyndy. Häzirki wagtda “Alat” geçelgesinden Türkmenistan ugruna her gün ortaça 165 sany üstaşyr ýük awtoulagy geçirilýändigi we bu görkezijiniň 2024-nji ýyldakydan üç esse ýokarlananydygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda ýük ulaglarynyň hereketiniň artýan döwürinde goşmaça işgärleri çekmek we şeýle özara hyzmatdaşlyk usullaryny demir ýol geçelgelerinde hem ornaşdyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijesinde taraplar teklip edilen çäreleri bilelikde öwrenmek we serhetýaka gümrük geçelgeleriniň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak boýunça ylalaşykly çäreleri alyp barmak barada ylalaşdylar.

2022