Türkiýäniň Antalýa şäherinde 12–13-nji noýabrda 55-den gowrak ýurtdan 1,5 müňden köp gatnaşyjyny bir ýere jemlejek COP31 Işewürlik we maýa goýum sammiti geçiriler. Guramaçylaryň baha bermegine görä, bu çäre BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen konferensiýalarynyň taryhynda iň iri işewürlik çäreleriniň biri bolar. Bu barada sammitiň işini utgaşdyrýan Türkiýäniň Söwda-senagat edaralarynyň we Haryt biržalarynyň birleşigi (TOBB) habar berýär.
Bu iri halkara çärä dürli ýurtlardan 290 guramanyň 1 müň töweregi işewür wekilleri, hususan-da söwda-senagat edaralarynyň, iri kompaniýalaryň, maliýe institutlarynyň, maýa goýum gaznalarynyň, ösüş banklarynyň we tehnologiýa pudagynyň wekilleri gatnaşar. TOBB-yň maglumatyna görä, daşary ýurtly gatnaşyjylaryň 63 göterimini baş direktorlar we ýokary derejeli ýolbaşçylar düzer.
Sammit “Maksatlardan durmuşa geçirmäge” şygary astynda geçiriler. Maslahatyň dowamynda esasan hem senagatyň dekarbonizasiýasy, “ýaşyl” senagatlaşma, energetika geçişi, howa taslamalaryny maliýeleşdirmek we şäherleriň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak meselelerine üns berler. Şeýle hem gatnaşyjylar durnukly azyk ulgamlaryny we aýlawly ykdysadyýeti ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligiň hem-de ösüp barýan ykdysadyýetleriň ekologik geçişe gatnaşmagy, emeli aňyň we täze tehnologiýalaryň ulanylmagy meselelerine gararlar.
Sammitde halkara işewür jemgyýetçiliginiň howa syýasaty we maýa goýumlary boýunça teklipleri hödürlener. Bu teklipleri halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen COP31 başlyklygyna gowşurmak meýilleşdirilýär.
TOBB-yň prezidenti we COP31 Işewürlik forumynyň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu “Dünýäniň dürli künjeklerinden kompaniýalar, banklar we maýa goýum gaznalary borçnamalary taslamalara, taslamalary bolsa maýa goýumlaryna nädip öwürmelidigini ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýerde jemlener” diýip, belleýär.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 31-nji konferensiýasy (COP31) 9–20-nji noýabr aralygynda Türkiýede geçirilip, konferensiýanyň çäklerinde 11–12-nji noýabrda Antalýada Liderleriň sammiti hem bolar. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň ozal habar berşi ýaly, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy bu çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistan COP31 konferensiýasynda ýurduň tebigaty goramak boýunça alyp barýan işlerine, howanyň üýtgemegine garşy görülýän çärelere we halkara ekologik hyzmatdaşlyga bagyşlanan milli pawilýonyny hem hödürlär.
















