Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, dolanyşykdaky bank kartlarynyň sany 6 million 646,6 müňe ýetip, ýylyň başyndan bäri olaryň sany 320 müňden gowrak ýa-da takmynan 5% artdy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen statistik maglumatlarda habar berilýär.
Bank kartlarynyň iň köp bölegi “Daýhanbank” Türkmenistanyň Döwlet täjirçilik bankyna degişli bolup, olaryň sany 2 million 224,8 müňe deň boldy. Ondan soňra bank kartlarynyň sany boýunça 1 million 231,8 müň kart bilen “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky, 1 million 192,7 müň kart bilen “Türkmenistan” Türkmenistanyň Döwlet täjirçilik banky aýratyn tapawutlandy.
Sebitler boýunça alanyňda, bank kartlarynyň iň köp bölegi Aşgabat şäherinde ulanylyp, bank kartlarynyň sany takmynan 1,96 milliona ýetdi. Welaýatlaryň arasynda Mary welaýaty 1 million 182,1 müň, Lebap welaýaty 1 million 161,6 müň we Daşoguz welaýaty 974,9 müň kartyň ulanylýandygy bilen aýratyn tapawutlandy. Şeýle hem Balkan welaýatynda 677,2 müň, Ahal welaýatynda 671,7 müň, Arkadag şäherinde bolsa 18,9 müň bank kartynyň bardygy hasaba alyndy.
Soňky bäş ýylyň statistikasynyň görkezijilerinde hem Türkmenistanda bank kartlarynyň sanynyň artýandygyny görmek bolýar. 2022-nji ýylyň ýanwarynda ýurtda takmynan 4,77 million bank kart bar bolan bolsa, 2026-njy ýylyň ýanwarynda bu görkeziji 6,33 milliona ýetip, soňky dört ýylyň dowamynda bank kartlarynyň sany 1,55 milliondan gowrak artdy.














