Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow penşenbe güni Awstriýanyň Federal geňeşiniň başlygy Kristina Şwars Fuksuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda demir ýol pudagynda, şol sanda Germaniýanyň “Liebherr” kompaniýalar topary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi habar berýär.
Duşuşyga Awstriýanyň Türkmenistandaky ilçisi Etýen Berhtold hem-de “Liebherr” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Mämmet Akmämmedow Türkmenistanda demir ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, hereket edýän otly düzümini täzelemek we üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem “Liebherr” kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen tehnikalaryny we enjamlaryny ibermek, tehniki hyzmatlary ösdürmek, sanly çözgütleri ornaşdyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.
Awstriýa tarapynyň wekilleri ulag pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, tehnologiýalar hem-de tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler. Türkmen tarapy anyk taslamalary kesgitlemek we uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Mämmet Akmämmedow awstriýaly telekeçileri 24–26-njy noýabrda Aşgabatda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: baglanyşyk we ösüş – 2026” atly halkara maslahata we sergä (ITTC 2026) gatnaşmaga çagyrdy.
















