Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady

BT
Türkmenistanyň Merkezi banky ÝB bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Toýly Mälikowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Lýuk Dewin bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 5-nji noýabry (Surat: Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti)

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Toýly Mälikow penşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Lýuk Dewin bilen duşuşyp, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garady. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyp, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky dialogy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, bu ugurda iki tarapyň arasyndaky söwda dolanyşygy we Ýewropa kompaniýalarynyň Türkmenistana goýýan maýa goýumlary hem hyzmatdaşlygyň gerimini görkezýär.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Lýuk Dewiniň 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynda aýdan maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt söwdasynyň umumy möçberi 1,3 milliard ýewro deň boldy. Şol döwürde Ýewropa Bileleşigi Türkmenistana 900 million ýewro möçberinde haryt eksport eden bolsa, Türkmenistandan 400 million ýewro möçberinde haryt import etdi.

2022
ENG TM РУС