“Arçalyk” kompaniýasy “Arçi”, “Pöwrize” içgileriniň alýumin gapdaky önümçiligini ýola goýdy

BT
“Arçalyk” kompaniýasy “Arçi”, “Pöwrize” içgileriniň alýumin gapdaky önümçiligini ýola goýdy
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde “Arçalyk” kompaniýasynyň sergi diwarlygy, 2026-njy ýylyň 17–19-njy sentýabry (Surat: BT)

Türkmenistanda gaplanan agyz suwuny we içgileri öndürýän öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan “Arçalyk” kompaniýasy “Pöwrize” we “Arçi” haryt nyşanly içgilerini alýumin gapda öndürmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň hünärmeni Aşgabatda 17-19-njy sentýabr aralygynda geçirilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň dowamynda “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.

“Arçi” alýumin gaply içgiler 0,4 we 0,25 litr, “Pöwrize” bolsa 0,33 litr göwrümli gaplarda öndürilýär. Mundan başga-da “Arçi” demir gaply içgileriň “Tropika”, “Mohito”, “Klubnika”, “Gazoz” we “Mango” ýaly görnüşleri bar.

Şeýle hem kärhana “Kola”, “Pyrtykal”, “Mohito”, “Armyt”, “Zirk”, “Limonad”, “Buratino”, “Estragon”, “Tokaý miweleri”, “Şetdaly”, “Gaýmakly klubnika” we “Pöwrize”, şeýle hem “Goşa çynar”, “Bedew ýyldyzy”, “Bold”, “Ýiti”, “Aýs”, “Hereket” we “Tükel” ýaly gazlandyrylan içgileri öndürmek bilen birlikde arassa agyz suwuny dürli göwrümli gaplarda sarp edijilere ýetirýär.

Kompaniýa öz önümlerini içerki we halkara sergilerinde hem yzygiderli tanyşdyrýar. Mundan ozal, kärhana Türkiýäniň “F Istanbul”, Gazagystanyň “InterFood Astana”, Özbegistanyň “UzFood” we Azerbaýjanyň “InterFood Azerbaijan” ýaly halkara azyk we içgi sergilerine gatnaşyp, agyz suwlaryny hem-de gazly alkogolsyz içgilerini hödürledi. Şeýle hem kompaniýa Türkmenistanda geçirilýän iri azyk we telekeçilik sergilerinde hem öz önümleri bilen çykyş edýär.

“Arçalyk” kompaniýasy 1997-nji ýylda esaslandyrylyp, kärhananyň önümçilik toplumy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022