Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 18,5 milliard manatdan geçdi

BT
Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 18,5 milliard manatdan geçdi
Ulanyjynyň “Halkbank” bank karty arkaly söwda edýän pursady (Surat: BT)

Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2026-njy ýylyň ýanwar- sentýabr aýlarynda 18 milliard 521 million 969 müň manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 14 milliard 795 million 31 müň 231 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 2 milliard 894 million 192 müň 306 manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 78 million 482 müň 268 manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 516 million 488 müň 104 manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 7 million 496 müň 455 manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 230 million 279 müň 166 manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022