Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda 7 milliard 917 million 337 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük gullugy habar berýär.
2026-njy ýylyň sentýabr aýynda iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 1 milliard 105 million 218 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň möçberi umumy haryt dolanyşygynyň esasy bölegini düzdi. Ýylyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistan Hytaýa 6 milliard 425 million 144 müň ABŞ dollarlyk önüm eksport etdi. Şol döwürde Hytaýdan Türkmenistana amala aşyrylan importyň möçberi 1 milliard 492 million 193 müň ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda 10 milliard 46 million 52 müň ABŞ dollaryna barabar bolupdy.

















