Türkmenistanyň Prezidenti zawod partlamasy zerarly Türkiýäniň Prezidentine gynanç bildirdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti zawod partlamasy zerarly Türkiýäniň Prezidentine gynanç bildirdi
Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Izmir şäherinde bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna hem-de şikeslenmelere sebäp bolan zawod partlamasy zerarly gynanç bildirdi. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgala agzalaryna we ýakynlaryna gynanjyny hem-de goldawyny beýan edip, ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklaryny baradaky dileglerini beýan etdi.

Partlama 9-njy noýabr, duşenbe güni günortan töweregi Izmir welaýatynyň Aliaga etrabynda ýerleşýän “HABAŞ” metallurgiýa zawodynda bolup geçdi. Izmir welaýat häkimliginiň deslapky maglumatlaryna görä, suwuk polady guýmak işleri geçirilýän wagty köpri görnüşli ýük göteriji kran elektrik dugaly pejiň üstüne ýykylmagynyň netijesinde partlama ýüze çykdy.

Menemen etrabynyň prokuraturasynyň 10-njy noýabrda ýaýradan maglumatyna görä, partlama netijesinde 17 işçi aradan çykyp, ýene 15 işçi şikes alypdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС