Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatyndaky ministrler duşuşygynda şähergurluşyk tejribesini tanyşdyrdy

BT
Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatyndaky ministrler duşuşygynda şähergurluşyk tejribesini tanyşdyrdy
“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky gurluşyk ministrleriniň duşuşygyna gatnaşyjylar, 2026-njy ýylyň 11-nji noýabry, Bişkek, Gyrgyzystan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 11–13-nji noýabrda Bişkek şäherinde geçirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky gurluşyk ministrleriniň duşuşygyna gatnaşyp, Türkmenistanda şähergurluşyk çözgütleriniň ornaşdyrylmagynda gazananan tejribeleri bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni habar berdi.

Türkmen tarapy ýaşaýyş jaýlarynyň hilini ýokarlandyrmak, şäherleriň we ilatly ýerleriň durnukly ösüşini üpjün etmek, sanly we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem-de maýa goýum we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmekligi hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hatarynda görkezdi. Şeýle-de milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurtda alnyp barylýan gurluşyk we infrastruktura taslamalary, aýratyn-da, döwrebap şähergurluşyk çözgütleri esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň gurluşygynda gazanylan tejribe tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri duşuşygyň dowamynda eden çykyşynda, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, degişli pudak edaralarynyň arasynda yzygiderli dialogy ýola goýmagyň we öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Pekinde geçirilen ilkinji gurluşyk ministrleriniň duşuşygynyň netijesinde kabul edilen Pekin başlangyjynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Duşuşykda ýer titremelerine durnukly gurluşyk, döwrebap şäher taslamalaryny işläp düzmek, “akylly şäher” infrastrukturasyny dolandyrmak we jemgyýetçilik giňişliklerini döretmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, 2027–2028-nji ýyllar üçin gurluşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hereket meýilnamasynyň taslamasyna we 2026-njy ýyl üçin gurluşyk meseleleri boýunça bilelikdäki beýannamanyň taslamasyna garaldy. Türkmen tarapy özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara dialogy dowam etdirmäge we gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny tassyklady.

2022
ENG TM РУС