Aşgabatda metan zyňyndylaryny azaltmak meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi

BT
Aşgabatda metan zyňyndylaryny azaltmak meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi
Merkezi Aziýada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça sebit maslahatyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri, 2026-njy ýylyň 29–30-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Aşgabatda 29–30-njy oktýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň wekilleriniň we bilermenleriň gatnaşmagynda metan zyňyndylaryny azaltmak meselelerine bagyşlanan sebit maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda metany gözegçilikde saklamagyň häzirki zaman usullary, ekologiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça halkara tejribe, maliýeleşdirmeleri çekmek we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine garaldy.

“Metan baradaky maglumatlardan anyk hereketlere tarap: Merkezi Aziýada metan zyňyndylaryna gözegçiligi güýçlendirmek, maýa goýumlaryny çekmek we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly iki günlük forum Merkezi Aziýanyň Sebit Ekologiýa merkezi (CAREC) tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň hem-de “Global Methane Hub” guramasynyň goldawy bilen guraldy.

Maslahata Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Halkara energetika agentliginiň, “Environmental Defense Fund”, “Clean Air Task Force” we beýleki halkara guramalaryň bilermenleri gatnaşdylar.

Tematiki mejlislerde bilermenler hemra maglumatlarynyň we ýerüsti ölçegleriň kömegi bilen metan zyňyndylaryny ýüze çykarmagyň häzirki zaman usullary barada çykyş etdiler. Şeýle hem syzmalary ýüze çykarmagy we aradan aýyrmagy göz öňünde tutýan LDAR maksatnamalaryna, zyňyndylaryň monitoringini, hasabatlylygyny we tassyklanylmagyny öz içine alýan MRV ulgamlaryna aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar nebit we gaz öndürijilerine bildirilýän täze halkara kadalaşdyryjy talaplary, şeýle hem zyňyndylar baradaky maglumatlary maýa goýum taslamalaryny taýýarlamakda ulanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Maslahatyň ikinji gününde sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek we metan zyňyndylaryny azaltmagyň amaly usullary boýunça pikir alyşmalar dowam etdirildi. Forumyň jemleri boýunça gatnaşyjylar alnyp barlan işleriň netijelerini jemläp, monitoring ulgamyny kämilleşdirmek, tehnologiýalar bilen tejribe alyşmak we Merkezi Aziýada bilelikdäki klimat başlangyçlaryny ösdürmek ýaly geljekki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022