TSTB telekeçileri Balkan welaýatynda täze desgalaryň gurluşygyna çagyrýar

BT
TSTB telekeçileri Balkan welaýatynda täze desgalaryň gurluşygyna çagyrýar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) telekeçileri, hususy kärhanalary we daýhan hojalyklaryny Balkan welaýatynda täze desgalaryň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrýar.

"Balkan" gazetinde penşenbe güni çap edilen bildirişe görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararlaryna laýyklykda taýýarlananyp, teklip edilýän taslamalar Balkanabat şäherini, şeýle hem Türkmenbaşy, Etrek, Bereket, Gyzylarabat we Esenguly etraplaryny öz içine alýar.

Gurluşygy teklip edilýän desgalaryň hatarynda azyk önümlerini saklamak üçin sowadyjy ammar, maldarçylyk fermalary we toplumlary, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, keramzit, sement we ýod öndürýän kärhanalar bar. Şeýle hem Türkmenbaşy etrabynda Artemia salina  leňňeçleriniň guradylan ýumurtgalaryny öndürýän kärhanany döretmek teklip edilýär.

Taslamalaryň sanawyna her biri 300 orunlyk toý mekanynyň, azyk we senagat harytlary dükanynyň, Hyzmatlar öýüniň, şeýle hem bazary öz içine alýan söwda merkeziniň gurluşygy hem girýär.

Mundan başga-da, Etrek etrabynyň Etrek şäherinde we Madaw geňeşliginde et öndürýän iki sany maldarçylyk toplumyny gurmak teklip edilip, Türkmenbaşy etrabynda bolsa et we süýt öndürýän maldarçylyk toplumyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022