Fransuz kompaniýalaryna türkmen öndürijileri bilen uzakmöhletli şertnamalary baglaşmak teklip edildi

BT
Fransuz kompaniýalaryna türkmen öndürijileri bilen uzakmöhletli şertnamalary baglaşmak teklip edildi
Türkmenistanyň wekiliýetiniň fransuz işewür toparlarynyň wekilleri bilen Pariždäki "MEDEF International"-yň baş edarasynda geçiren duşuşygy, 2026-njy ýylyň 26-njy noýabry. (Surat: Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy)

Pariž şäherinde penşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wol­sahatowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, türkmen öndürijileri bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de uzak möhletleýin şertnamalary baglaşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy habar berdi.

Duşuşykda Batyr Wol­sahatow Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri barada maglumat berip, türkmen öndürijileri bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmagy, uzak möhletleýin şertnamalary baglaşmagy, fransuz kompaniýalarynyň birža söwdalaryna gatnaşygyny giňeltmegi hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi teklip etdi.

"MEDEF International" guramasynyň baş direktory Filipp Gotýe Türkmenistanyň Merkezi Aziýada strategik taýdan möhüm orny eýeleýändigini belläp, Fransiýanyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen gyzyklanma bildirýän fransuz kompaniýalarynyň arasynda täjirçilik maglumatlaryny alyşmak we geljegi uly geleşikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hemişelik hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmek meselesine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işi, birža söwdalarynyň geçiriliş tertibi, daşary ýurt kompaniýalarynyň söwdalara gatnaşmagynyň şertleri we ýurduň önümlerini Ýewropa bazarlaryna ibermegiň mümkinçilikleri barada tanyşdyryş çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi M. Çaryýew Türkmenistanyň 2026–2030-njy ýyllar üçin daşary ykdysady işini ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

2022