Türkmenistanda telekeçiler üçin ätiýaçlandyryşyň täze görnüşleri hödürlenýär

BT
Türkmenistanda telekeçiler üçin ätiýaçlandyryşyň täze görnüşleri hödürlenýär
“Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergisi, 2024-nji ýylyň 24-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy jemgyýetçilik iýmlendirme kärhanalarynyň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyrmagyň täze görnüşini hödürleýär. Ätiýaçlandyryşyň bu görnüşi restoranlara, kafelere, barlara, naharhanalara, toý dabaralary geçirilýän zallara, garbanyşhanalara, şeýle hem konditer önümlerini öndürýän we satýan kärhanalara degişlidir. Bu barada "Daşoguz" gazetinde Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň Boldumsaz etrap bölüminiň hünärmeni Gülnur Halbaýewanyň makalasynda habar berilýär.

Ätiýaçlandyryş ýagdaýlaryna kärhananyň işgärleri tarapyndan taýýarlanan iýmitden üçünji şahslaryň zäherlenmegi, munuň netijesinde olaryň janyna ýa-da saglygyna zeper ýetmegi bilen bagly ýagdaýlar girýär. Şeýle hem ýangyn söndüriji, suw üpjünçiligi, ýyladyş we lagym ulgamlarynyň näsazlygy, binalaryň, desgalaryň we mahabat tagtalarynyň ýykylmagy, enjamlaryň hatardan çykmagy ýaly üçünji şahslaryň janyna, saglygyna ýa-da emlägine zyýan ýetiren beýleki ýagdaýlar hem ätiýaçlandyryş hadysalaryna degişli edilýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy arza esasynda baglaşylyp, ätiýaçlandyryş üçin pul möçberi ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyryş hyzmatyndan peýdalanýanyň özara ylalaşygy esasynda kesgitlenýär. Şertnamanyň hereket ediş möhleti bir ýyl ýa-da birnäçe ýyl bolup biler.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy jemgyýetçilik iýmlendirme kärhanalarynyň jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak bilen bir hatarda, syýahatçylyk operatorlarynyň jogapkärçiligini, binagärlik işi bilen meşgullanýan hünärmenleriň hünär jogapkärçiligini, şeýle hem fiziki şahslara degişli ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleriniň üçünji şahslaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny hem hödürleýär.

2022