Türkmenistan bilen Gruziýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Gruziýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwiliniň Tbiliside geçiren duşuşygy 2026-njy ýylyň 27-nji noýabry. (Surat: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow anna güni Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky i lçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy dialogyň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösüş depginine, şeýle hem bilim, ylym we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga, parlamentara we pudagara gatnaşyklara ýokary baha berdiler.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnamanyň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdiler. Şeýle hem bu Maksatnamanyň çäklerinde pudagara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar özara bähbitli dialogy dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022