TRACECA-nyň baş sekretary: Türkmenistanyň ulag taslamalary $3,8 milliard möçberinde bahalandyrylýar

BT
TRACECA-nyň baş sekretary: Türkmenistanyň ulag taslamalary $3,8 milliard möçberinde bahalandyrylýar
TRACECA hökümetara toparynyň Hemişelik sekretariatynyň baş sekretary Jasurbek Çoriýewiň ITTC 2026 halkara maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş edýän pursady, 2026-njy ýylyň 24-nji noýabry (Surat: BT)

Türkmenistanyň demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, hereket edýän otly düzümini we deňiz flotuny täzelemek, şeýle hem Aşgabatda gury porty ösdürmek boýunça ulag taslamalarynyň umumy bahasy $3,8 milliard möçberinde bahalandyrylýar. Bu barada TRACECA hökümetara toparynyň Hemişelik sekretariatynyň baş sekretary Jasurbek Çoriýew sişenbe güni Aşgabatda geçirilýän ITTC 2026 halkara maslahatynyň umumy mejlisinde çykyş edip, bu taslamalaryň halkara maliýe guramalary üçin taýýar teklipler toplumy bolup durýandygyny aýtdy.

Jasurbek Çoriýew ulag geçelgesiniň ileri tutulýan 16 taslamasynyň hatarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak boýunça 285 million dollarlyk taslamany we Daşkent – Türkmenbaşy demir ýol ugruny dikeltmek boýunça 625 million dollarlyk taslamany aýratyn belledi.

Çoriýew Türkmenbaşy portuna barýan gämi gatnaw ýolunyň çuňlugyny we giňligini artdyrmagyň zerurdygyny nygtap, bu işiň portuň hakyky ýük geçirijilik kuwwatyny iki esse diýen ýaly artdyryp biljekdigini aýtdy. Portuň bellenilen ýyllyk kuwwaty 17 million tonna ýük we 400 müň konteýner kabul etmäge deňdir. Baş sekretaryň Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna salgylanyp bellemegine görä, portuň kuwwatyndan peýdalanyş derejesi 2023-nji ýylda 19 göterim bolan bolsa, 2025-nji ýylda 43 göterime ýetdi.

Türkmenistan Türkmenbaşy portunyň üsti bilen ýurduň gaz däl eksportynyň üçden bir böleginden gowragyny, has takygy,2,2 million tonna ýük eksport edýär. Şeýle hem Türkmenbaşy bilen Baku şäheriniň arasynda yzygiderli konteýner gatnawy ýola goýlandyr. Çoriýew Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna salgylanyp, häzirki wagtda ulag geçelgesiniň esasy çäklendiriji faktorynyň infrastruktura ýetmezçiligi däl-de, onuň işiniň netijeliligi bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem ol serhet geçelgelerine barýan ýollardaky bökdençlikleri aradan aýyrmak boýunça bilelikdäki işleri geçirmäge çagyrdy.

Çoriýewiň getiren bahalandyrmalaryna görä, Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 1,25 göterim ýa-da takmynan 791 million dollar möçberinde artmagyna, iş bilen üpjünçiligiň bolsa 1,5 göterim ýokarlanmagyna şert döredip biler. Logistika çykdajylarynyň iki esse azaldylmagy Türkmenistanyň oba hojalyk we azyk önümleriniň eksportynyň 86 göterim artmagy üçin mümkinçilik bolup, bu görkeziji geçelgäniň ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda çaklanylýan iň ýokary ösüşdir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС