Türkmenistan we Belarus bilekde derman öndürmek, saglygy saklaýyş we derman senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar diýip, Belarusyň BelTA agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýakynda Belarusyň “BelAseptika” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylaryny kabul etdi. Duşuşyga Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Oleg Tabanýuhow bilen Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow hem gatnaşydy.
Belarus kompaniýasynyň wekilleri “BelAseptika” bilen “Türkmendermansenagat” birleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahat etdiler.
BelTA agentiliginiň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň arasynda derman ösümlikleriň söwdasyny ýola goýmaga, şeýle-de dermanlary we erginleri öndürmek üçin tebigy we sintezirlenen garyndylary satyn almak ýa-da olar bilen üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler. “BelAseptika” bilen “Türkmendermansenagat” bilelikde derman öndürmek mümkinçiligini hem göz öňünde tutarlar.
“BelAseptika” saglygy saklaýyş edaralary üçin niýetlenen zyýansyzlandyryjy erginleri, antiseptiki serişdeleri, arassalaýjy we ýuwujy serişdeleri öndürýän öňdebaryjy belarus kompaniýasydyr. Kompaniýa dermanlary we saglyk enjamlaryny hem öndürýär.
“Türkmendermansenagat” birleşiginiň düzümine birnäçe derman öndüriji kärhanalar we agro-senagat toplumlary girýär. Birleşigiň kärhanalary 400 görnüşden gowrak dermanlary we derman serişdelerini öndürýärler.