Türkmenistan bilen Gazagystan eksport zolagyny döreder

Türkmenistan bilen Gazagystan eksport zolagyny döreder

Ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Aşgabat we Astana Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gazagystanyň Mangystau welaýatynyň serhetleşýän ýerinde aýratyn söwda zolagyny döretmek barada pikir alyşýarlar. Bu taslama Türkmenistanyň Ministerler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakyýew bilen Gazagystanyň premýer-ministri Askar Maminiň arasynda 11-nji martda Astanada geçirilen duşuşykda maslahat edildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda, ykdysady, serhetara hyzmatdaşlygy giňeltmek we iki goňşy ýurduň transport-üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak, şeýle-de ylym, tehnologiýa, medeniýet we ynsanperwerlik ugurlary boýunça has hem ýakyndan işleşmek barada pikir alyşdylar.

Gazagystanyň hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Balkan welaýaty bilen Mangystau welaýatynyň serhetleşýän ýerinde aýratyn söwda zolagyny döretmek ileri tutulýan ugurdyr.

“Döwlet Baştutanlarymyz – Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow – özara söwdada bir milliardlyk sepgide ýetmek barada tabşyryk berdi. Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işini giňeltmek zerurdyr” diýip, Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin aýtdy.

Gazak hökümetiniň ýolbaşçysy metallurgiýa, inženerçilik, gurluşyk harytlary, azyk, himiýa önümleri, ýeňil senagat we  derman serişdeleriniň önümçiligi ýaly pudaklarda ikitaraplaýyn söwdany ösdürmegiň zerurdygyny belledi.

Astanadaky bu gepleşikler Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň 10-njy mejlisiniň çäginde geçirildi.

2022