Russiýanyň ÇTPZ kärhanasy TOPH üçin turba iberer

Russiýanyň ÇTPZ kärhanasy TOPH üçin turba iberer
Çelýabinsk turba öndüriji zawody Russiýada turba önümlerini öndürýän iň uly kärhanalaryň biridir.

Russiýanyň ÇTPZ kompaniýasy gurluşygy dowam edýän Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan (TOPH) gazgeçirijisini turba bilen üpjün etmek boýunça “Türkmengaz” döwlet konserniniň tender toparynyň yglan eden bäsleşiginde ýeňiji boldy.

ÇTPZ kompaniýasynyň Çelýabinsk turba öndüriji zawody TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygyny 214 kilometrlik turba bilen üpjün eder. Geleşigiň bahasy 200 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Sberbank” maliýe hyzmatlary kompaniýasy Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň adyndan ÇTPZ kompaniýasynyň haýryna 219 million ABŞ dollaryna barabar bolan akkreditiwi tassyklady. Günorta Aziýanyň tebigy gaza bolan talabyny üpjün etjek milliardlarça dollarlyk TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin, Yslam ösüş banky Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankyna karz serişdesini beripdi.    

TOPH-yň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda ýola goýuldy. Türkmenistan, Owganystan, Päkistan we Hindistan TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda badalga berdiler.  

Yslam ösüş banky bilen Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky TOPH-yň gurluşygy üçin Türkmenistana 700 million ABŞ dollaryny karz bermek barada 2016-njy ýylda şertnama baglaşdy. Karz serişdesiniň möhleti 15 ýyl.

1,814 kilometrlik TOPH gazgeçirijisi Türkmenistanyň “Galkynyş” gaz käninden çykýan tebigy gazy Owganystanyň üsti bilen Päkistana, ol ýerden bolsa Hindistana iberer. Gazgeçirijiniň göwrümi ýyllyk 33 milliard kubmetrlik tebigy gaza barabar bolar.

Taslamanyň öňdebaryjy hyzmatdaşy Türkmenistanyň milli gaz kompaniýasy bolan “Türkmengaz” döwlet konsernidir. Ol taslamany durmuşa geçirmek üçin döredilen “TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasynyň esasy paýdarydyr.  

Çelýabinsk turba öndüriji zawody Russiýada turba önümlerini öndürýän iň uly kärhanalaryň biridir. Bu zawod mundan öň Türkmenistany Hytaýyň içerki gazgeçiriji ulgamyna birikdirýän Merkezi Aziýa – Hytaý halkara gazgeçirijisiniň üçünji tapgyrynyň gurluşygyny hem uly diametrli turbalar bilen üpjün edipdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022