Ylymlar akademiýasyna 35 million manat maliýe goldawy berildi

Ylymlar akademiýasyna 35 million manat maliýe goldawy berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary bilen geçirilen duşuşykda birnaçe resminamalara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ylmy-barlaglaryň netijeliligini artdyrmak boýunça gol çeken Karary Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşiniň mundan beýläk hem ýaýbaňlandyrylmagyny we öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary we ylymda gazanylanlary ulanmak arkaly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde ylmyň ornunyň berkidilmegini göz öňünde tutýar.

Ylmy maslahatlaryň, ylmy saparlaryň we bilelikdäki halkara ylmy taslamalaryň maliýeleşdirilmegini has hem kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ösüş gaznasyny döretmek hakyndaky” Karara gol çekdi.

Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy edaralaryň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Ylymlar akademiýasyna 35 million manat möçberinde maliýe goldawyny bermek hakynda karara gelendigini mälim etdi.

2022