MBM süzgüçleriniň 32 görnüşi öndürilýär

BT
MBM süzgüçleriniň 32 görnüşi öndürilýär
Önümçilige 2018-nji ýylyň tomsunda başlan bu kärhana 2019-njy ýyldan başlap kuwwatyny 5 essä ýakyn ýokarlandyrdy.

Gündelik ýaşaýşymyzda ulanýan esasy enjamlarymyzyň biri bolan awtoulaglara dogry ideg etmek garaşylmadyk wakalaryň azalmagyna täsir edýär. Dogry idegiň birinji kanuny bolsa dogry şaýlary ulanmakdan başlanýar. Häzirki wagtda köçelerde hereket edýän awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň önümçiligi we olaryň satuw işleri telekeçilik ulgamynda aýratyn bazary eýeleýär. Ýerli önümleri öndürmäge itergi berýän milli syýasat awtoulag şaýlarynyň önümçiligine gyzyklanma bildirýän telekeçileriň hem sanynyň artmagyna getirdi.

“Täjir ýoly” hususy kärhanasy eýýäm bir ýyla golaý süzgüç önümçiligini alyp barýar.

Önümçilige 2018-nji ýylyň tomsunda başlan bu kärhana 2019-njy ýyldan başlap kuwwatyny 5 essä ýakyn ýokarlandyrdy. Häzirki wagtda “Täjir ýoly” hususy kärhanasy “Meniň bagtyýar mekanym” (MBM) haryt nyşanly ýag we ýangyç süzgüçleriniň 32 görnüşini öndürýär. Çig mal hökmünde bolsa demiriň görnüşlerini we süzüji kagyzlary ulanylýar.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiri hökmünde kärhananyň Mary welaýatyndaky önümçilik bölümini görmäge mümkinçilik tapdyk. MBM süzgüçleri barada maglumat beren kärhananyň direktory Wepa Halymow sözlerini şeýle dowam etdi:

– Süzgüç önümçiligine ýerli bazary göz öňüne tutup başladyk. Ilki bilen ýurdumyzda hereket edýän esasy ýeňil awtoulag görnüşlerinde ulanylýan süzgüçleri seljerip, şolaryň hilinde we häsiýetinde süzgüç önümçiligini ýola goýduk. Ýük awtoulaglaryna niýetlenen süzgüçleri öndürmek maksady bilen Türkiýe, Ýaponiýa we Eýrana öz inženerlerimizi ugratdyk. Häzirki wagtda olaryň gazanan tejribesini ýerli önümçilige ornaşdyrdyk.

Kärhananyň bir aýyň dowamynda ortaça 60 müň sany süzgüç öndürmäge ukyplydygyny aýdan Wepa, talap köpelende mukdary 160 müňe çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Aýda 36 müň süzgüç satyldy

Häzirki wagtda MBM süzgüçleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak üçin ýurduň içinde ýaýradylýar.

Ýerli bazarda 2018-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda 6 müňe golaý MBM süzgüji satyn alynan bolsa, bu mukdar 2019-njy ýylyň mart aýynda 36 müňe çenli ýokarlandy. Bu sanyň özleri üçin iň ýokary görkezijidigine ünsi çeken Wepa: “Biziň önümlerimiz daşary ýurtdan getirilýän ýokary hilli önümlerden 3 esse arzan satylýar. Hil taýdan hem şolar bilen deň derejede öndürýäris. Häzirki wagtda ISO sertifikatyny almak ugrunda gepleşikleri tamamlap barýarys” diýdi. 

Kärhana iýun aýynyň aýagyndan howa süzgüçleriniň, 5 aýyň dowamynda bolsa ýeňil awtoulaglaryň sowadyjylarynda ulanylýan süzgüçleriň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. 

2022