Ylmy maslahata 20 ýurtdan myhmanlar gatnaşdy

BT
Ylmy maslahata 20 ýurtdan myhmanlar gatnaşdy
Ylymlar gününe bagyşlanan foruma türkmen alymlary, şeýle hem, dünýäniň 20 ýurdunyň ylmy toparlarynyň mugallymlary we ýaş alymlary gatnaşdy.

Paýtagtymyzyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 12-nji iýunda halkara maslahat açyldy. Ylymlar gününe bagyşlanan foruma türkmen alymlary, şeýle hem, dünýäniň 20 ýurdunyň ylmy toparlarynyň mugallymlary we ýaş alymlary gatnaşdy.

Dürli ulgamlarda ylmy barlaglar boýunça gatnaşyk etmegiň we öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň meseleleri, uglewodorod we mineral çig malyň gazylyp alnyşynyň we düýpli gaýtadan işlenilmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýokary öndürijilikli hem-de ekologiýa taýdan arassa senagat toplumyny kemala getirmek, howanyň üýtgemegine garşy goreşmek maslahatyň gün tertibine girizildi.

Myhmanlar ýokary tehnologiýaly ylma esaslanýan önümçilikleri döretmek, umumy we möhüm ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin amaly barlaglary we synag işläp taýýarlamalary geçirmek ulgamynda bilelikdäki taslamalary guramakda hyzmatdaşlygyň hem-de mümkinçilikleriň geljegi barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.